ÝALAN DÜNÝÄNI | Begli Halmammedow | goşgy

awtor: Kuwwat Ýazmuhammedow wideo: Allaguly Hommakow Içiň sowaýança, yakasyň geler, Aldap, seň üstüňden gülen dünýäni. Gahardan bar zady ýykasyň geler, Giň bolup, yeñmeseň ýalan dünýäni. Şükürdir, törüňe rysgal getirjek, Sabyrdyr, bir seni bagta yetirjek, Haýsy bir dert üçin aglap oturjak, Giň bolup, yeñmeseň ýalan dünýäni. Öñde duran bagtam tutup bilmeýäň, Gijelerine rahat ýatyp bilmeýäň, Hikem garrylyga ýetip bilmeýäň, Giň bolup, yeñmeseň ýalan dünýäni. Arzuw-hyýallaryň ýykylyp başlar, Seni dost tutunan ökünip başlar, Saçyň ir çalaryp, dökülip başlar, Giñ bolup, yeñmeseň yalan dünýäni. Ahyrynda dünýeden boş cykarsyň, Ne bir many, ne bir şatlyk taparsyň, Ynan, öz ömrüňi özüň ýakarsyň, Giň bolup, yeñmeseň ýalan dünyäni. #gosgylar #стихи #рекомендация #trendingshorts #ashgabat #turkmenistan #keşfetedüş #keşfet
Back to Top