Aşgabatda awtoduralgalaryň tölegi iki aýda iki esse gymmatlady

Aşgabatda şäher we etrap häkimliklerine degişli awtoduralgalaryň tölegi soňky iki aýyň dowamynda iki esse gymmatlap, 30 manatdan 60 manada ýokarlandy. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, daşyna demir germew aýlanan we açyk meýdanda ýerleşýän awtoduralgalarda sentýabr aýynyň ahyryna çenli bir ulag üçin bir aýlyk töleg 30 manat bolsa, oktýabr aýynda bu nyrh 37 manat 20 teňňä ýokarlandyryldy. “Indem dekabr aýy üçin tölegleri dekabr aýynyň 1-ne çenli tölemelidigi hakynda mundan üç-dört gün ozal awtoulag eýelerinden talap edip ugradylar. Töleg öňküsi ýaly 30 manadam däl, 37 manat 20 teňňede däl, 40 manadam däl. Eýsem, göni 60 manat tölemelidigini aýdýarlar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew şäherde her biri müňden köpräk ulaga niýetlenen şeýle awtoduralgalardan onlarçasynyň bardygyny hem aýtdy. Onuň sözlerine görä, awtoulag eýeleri awtoduralgadaky resmilerden tölegleriň gymmatladylandygy baradaky resminamany görkezmegi soranda, olar “biz ýokardan berlen görk
Back to Top